Soňky habarlar

Arhiw

Elman Tagaýew ― 2021-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy

13:1210.01.2022
0
5311

«Ahalyň» 32 ýaşly ýarym goragçysy Elman Tagaýew 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanda iň gowy futbolçy diýlip yglan edildi. Bu dereje oňa Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilen ses berlişigiň netijesinde berildi. Ses berlişige görnükli täimçilerdir sport žurnalistleri gatnaşdy.

Elman Tagaýew futbolçylyk ýolunda şeýle ada ilkinji gezek mynasyp bolýar. Onuň geçen ýyl 10 pökgi bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynda iň kän tapawutlanan futbolçy bolandygyny hem ýatladýarys.

Ýarym goragçy «Ahalda» 2019-njy ýyldan bäri çykyş edip gelýär. 8 ýaşyndan bäri futbol bilen meşgullanyp gelýän Elman uly futboldaky ilkinji duşuşyklaryny 16 ýaşynda tälimçi Amangylyç Koçumowyň ýolbaşçylygynda geçirip başlady. Şeýlelikde, ol dürli ýyllarda «Aşgabat», «Azal» (Azerbaýjan), «Altyn asyr», «Andijan» (Özbegistan), «Sabail» (Azerbaýjan), «Nawbahor» (Özbegistan) futbol toparlarynyň köýnekçesini geýdi.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna ilkinji gezek 2012-nji ýylda çagyrylan futbolçy resmi duşuşyklaryň 8-sine gatnaşyp, olarda bir gezek tapawutlandy.

Elman Tagaýew 2021-nji ýylda «Ahalyň» düzüminde AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çenli hem baryp ýetdi. «Ahal» bilen Türkmenistanyň çempionatynda kümüş medala mynasyp bolan futbolçy geljek ýylda toparyň düzüminde yklymyň birinji derejeli ýaryşyna ― AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň