Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda her ýylda 400 müň gap bejergi palçygy we deňiz duzy öndürilýär

12:2809.01.2022
0
13724

Balkan welaýatynyň Jebel şäheriçesiniň bejergi palçygyny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanasy her ýylda 400 müň gap terapewtiki we kosmetiki serişdeleri öndürýär. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.

Kärhana üç bölümden ybarat bolup, iki sany önümçilik sehinden we tejribehanadan durýar. Bu ýerde öndürilýän önümleriň hatarynda dünýäde özboluşly meşhurlyga eýe bolan Mollagara palçygy (200 müň gap), Esengulynyň wulkan palçygy (100 müň gap) hem-de deňiz duzy (100 müň gap) ýaly önümler bar.

Mollagara palçygynyň bejergilik täsiri eýýäm köp wagt bäri daşary ýurtlarda hem mälimdir. Soňky ýyllarda onuň kosmetologik düzümi öwrenildi we beden üçin peýdasy ýüze çykaryldy.

Esenguly etrabyndaky wulkan palçyklarynyň hem bejergilik täsiri örän ýokarydyr. Bu palçyklar kosmetologiýada, şeýle-de derini, ýürek-damar ulgamyny, aşgazan-içege ulgamyny we önelgesizligi bejermekde giňden ulanylýar.

Jebelde gaplanýan bu önümler Türkmenistanyň ähli ýerlerine, şol sanda şypahanalara, saglyk merkezlerine we hassahanalara paýlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň