Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna şu ýylyň ikinji ýarymynda başlar

18:3608.01.2022
0
2863

Owganystanyň magdanlar we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar TOPH (Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan) gaz geçiriji taslamasynyň şu ýylyň ikinji ýarymynda işe başlajakdygyny aýtdy.

Pajhwok owgan habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Delawar bu sözleri anna güni Owganystana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen geçirilen gepleşiklerden soň žurnalsitler bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy. Onuň bellemegine görä, iki ýurduň hem TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin degişi çäreleri görmegi zerurdyr. Şoňa laýyklykda, bu iri tasalmany durmuşa geçirmek işlerine şu ýylyň ikinji ýarymynda girişiler.

Delawar bu taslamany durmuşa geçirmegiň ähmiýetini şeýle düşündirdi:

Owganystanda onlarça ýyl bäri köp meseleler ýüze çykdy, käbir taslamalary durmuşa geçirmek mümkin däldi, ýöne häzirki wagtda howpsuzlyk gowulaşdy, şonuň netijesinde ykdysady taýdan uly bähbidi bolan bu taslama durmuşa geçirilýär.

Ol bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň diňe Owganystan we Türkmenistan üçin däl, eýsem, Pakistan we Hindistan üçinem möhümdigini aýtdy.

Ýatlatsak, TOPH-yň taryhy 2010-njy ýylda başlandy. Şol ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda Gazgeçiriji baradaky çarçuwaly şertnama we TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek baradaky hökümetara ylalaşyga gol çekildi.
Bäş ýyl soň, 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň ýolbaşçylary onuň gurluşygynyň düýbüni tutdular. TOPH transmilli gaz geçirijisiniň uzynlygy takmynan 1800 km bolar. Ol Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky “Galkynyş” käninden Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üsti bilen Pakistanyň Kwetta we Multan şäherlerinden geçip Hindistanyň Penjap welaýatyna baryp ýeter. Gaz geçirijisiniň kuwwaty ýylda 33 milliard kub metre deň.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň