Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Rysgal” PTB halkara auditini geçirmek üçin tendere gatnaşmaga çagyrýar

15:3708.01.2022
0
6668

2021-nji ýylyň maliýe hasabatlylygynyň halkara auditini geçirmek üçin “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky bäsleşigiň yglan edilýändigini hem-de oňa auditor kompaniýalary gatnaşmaga çagyrýandygyny öz resmi web sahypasynda habar berýär.

Bellenilişine laýyklykda, auditorçylyk netijenamasyny bermegiň möhleti 2022-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenlidir.

Bäsleşige gatnaşmak üçin auditorçylyk kompaniýalary şu aşakdaky resminamalary bermeli:

• Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň goly we möhüri bilen tassyklanan täjirçilik teklibi;
• Auditorçylyk kompaniýasynyň esaslandyryjy resminamalarynyň göçürme nusgalary, şol sanda üýtgetmeleri we goşmaçalary, kompaniýanyň rezýumesi (gysgaça beýany), şeýle hem sertifikatlaryň we ygtyýarnamalaryň göçürme nusgalary.

Bäsleşige gatnaşmak üçin berilýän teklipleriň kabul edilişiniň ahyrky möhleti 2022-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda sagat 18:00-a çenli (ýerli wagt boýunça) dowam edýär.

Auditi geçirmegiň bahasy gutarnykly bolmaly we kanunçylykda göz öňünde tutulan ähli salgytlary, ýygymlary we beýleki çykdajylary öz içine almaly.

Gerekli bolan resminamalar admin@rysgalbank.com.tm elektron poçtasyna iberilmeli ýa-da möhürlenen görnüşde degişli salgydaky edara merkezine berilmelidir: Türkmenistan, Aşgabat ş., 1946-njy köçe (Ankara), 23-nji jaý, “Rysgal” PTB.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň