Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji ýanwarda Hökümetiň sanly ulgam arkaly 2022-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany wise-premýer Ş.Abdrahmanowa ýüzlenip, indi uzak ýyllardan bäri, Derweze sebitinde köp möçberde tebigy gazyň ýanyp durandygyny, bu ýagdaýyň ekologiýa, şeýle hem golaýynda ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýändigini aýdyp, ony söndürmek üçin degişli işler alyp barmagy tabşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Mejlisiň dowamynda türkmen Lideri: «Biz eksport edip, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ep-esli möçberde girdeji aljak çig malymyzy ýitirýäris» diýip belledi we wise-premýere alymlary ýygnap, eger gerek bolsa, daşary ýurtly geňeşdarlary hem çekip, bu ýangyny söndürmegiň çözgüdini tapmagy tabşyrdy.
Aşgabadyň 260 km demirgazygynda ýerleşýän Garagum çölüniň merkezinde ýerleşýän Derwezede ýanyp duran gaz krateri alymlaryň we jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekip gelýär.
1971-nji ýylda Sowet geologlary bu sebitde tebigy gazyň ýygnanandygyny ýüze çykardylar we guýyny burawlap, çökmegine sebäp boldular. Topragyň ýokarky gatlaklary ýerastyna çümüp, gazdan uly çukur emele geldi. Adamlaryň we mallaryň gazdan zäherlenmeginiň öňüni almak üçin geologlar wagtyň geçmegi bilen ýangynyň azaljakdygyna ynanmak bilen ony otlamak kararyna geldiler. Ýöne ýerden çykýan tebigy gazlar şu güne çenli ýanmagyny dowam etdirýär. Gaz çukurynyň diametri 60 metr, çuňlugy 20 metre deňdir.
2013-nji ýylyň noýabr aýynda Kanadaly meşhur syýahatçy we gözlegçi Jorj Koronis gözleg geçirmek we nusgalary ýygnamak üçin krateriň düýbüne geldi. Ol ýokary temperaturada krateriň düýbünde ýaşaýan bakteriýalary tapmagy başardy.
Belläp geçsek, Derwezede ýanyp duran gaz krateri ýapmak meselesi ilkinji gezek 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gozgalandyr.