Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý bilen Türkmenistan diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýär

12:3306.01.2022
0
4695
Hytaý bilen Türkmenistan diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýär

Şu gün Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Sinhua habar gullugynyň habaryna görä, bu pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň prezidenti Si Szinpin bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatyny alyşdy.

Hytaý özygtyýarly Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji ýurt. 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk hökmünde ykrar edildi we 2014-nji ýylyň maý aýynda Hytaý bilen Türkmenistan Dostluk we Hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi.

Türkmenistan üçin Hytaý iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Türkmenistanyň Hytaýa esasy eksporty 2021-nji ýylda takmynan 34 milliard kub metre barabar tebigy gazdyr.

Gaz üpjünçiligi, her biriniň uzynlygy 1833 kilometre barabar bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň üç şahasy arkaly amala aşyrylýar.

Belläp geçsek, Hytaý Türkmenistanyň ykdysadyýetine möhüm maýa goýujydyr. Hytaý Halk Respublikasynyň 30-a golaý kärhanasy ýurtda ykdysady işler alyp barýar. Maýa goýumlarynyň ep-esli bölegi nebit-gaz pudagynda we magdançylyk pudagynda goýlandyr. 2002-nji ýyldan bäri Hytaýyň milli nebit we gaz korporasiýasy Bagtyýarlyk taslamasy üçin gaz öndürýän Türkmenistanda iş alyp barýar. Bu kompaniýa, «Galkynyş» ýatagyny senagat taýdan ösdürmek bilen meşgullanýar (ýatagyň ösüşini maliýeleşdirmek, hususan-da, gaz geçirijileriniň, gaz arassalaýjy desgalaryň gurluşygy, zerur infrastruktura Hytaý döwlet banky tarapyndan amala aşyrylýar).

Hytaý Halk Respublikasynyň kompaniýalary ykdysadyýetiň ulaglar pudagyna işjeň maýa goýýarlar. Demir ýollaryň ulag kuwwatynyň 90%-ini Hytaýda öndürilen lokomotiwler üpjün edýär.

Hytaýyň maýa goýumlarynyň beýleki ugurlary saglygy goraýyş, gurluşyk, dokma we telekommunikasiýa ulgamlaryna degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň