Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2021-nji ýylda buýan köküniň 680 tonna gury ekstrakty öndürildi

17:2705.01.2022
1
11932

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümindäki Türkmenabat şäherindäki «Buýan» obasenagat toplumynyň agzybir işgärleri 2021-nji ýylyň dowamynda arassalanyp baglanan buýan köküniň 2961 tonnasy, buýan köküniň gury ekstraktynyň, ýagny üwelen külke görnüşiniň 680 tonnasy, şeýle hem buýanyň kökünden alynýan goýy ekstraktyň 610 tonnasy öndürildi. Geçen ýylky bilen deňeşdirilende ösüş depgini 118,7 göterime barabar boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Kärhanada öndürilýän önümiň dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýandygyny, şonuň üçinem bu gymmatly önümiň daşary döwletlere eksport edilýändigini, şeýle hem ýurdumyzyň derman senagatynda giňden peýdalanylýandygyny belläp geçmek möhümdir.

Esasan hem Amyderýanyň kenarynda bitýän buýanyň köki türkmen topragynda önýän milli baýlyklaryň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň