Daşoguzdaky çeper halyçylyk kärhanasynda 2021-nji ýylyň meýilnamasy 103,6 göterim berjaý edildi

17:0905.01.2022
0
768

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguzdaky çeper halyçylyk kärhanasynyň çeper elli halyçylary tamamlanan ýylda guwandyryjy görkezijileri gazandylar. Bu ýerde haly we haly önümleriniň 2628 inedördül metrden gowragy dokalyp, tabşyryk 103,6 göterim berjaý edildi. Halylaryň aglaba bölegi ýörite buýurmalar esasynda dokaldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Häzirki wagtda kärhananyň uly göwrümli halylaryna isleg has-da artýar. Täze gölleri, reňkleriniň utgaşykly öwüşgini hem-de uly göwrümi bilen tapawutlanýan nepis gölli halylar täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryna, durmuş maksatly desgalara, edara binalaryna bezeg berýär. Täze ýyly mynasyp zähmet sowgady bilen garşy alan kärhanada işler barha gyzyşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň