Soňky habarlar

Arhiw

«Sumbar Computer» dükanynyň hünärmeni harytlaryň kepilligi, eltip berme hyzmaty we tölegi barada gürrüň berdi

11:0705.01.2022
0
5303

Kompýuter we periferiýa enjamlary dükany bolan «Sumbar Computer» ähli harytlary üçin kepillik berýär.

«Sumbar Computer» dükanyndan satyn alnan önümleriň hil aýratynlyklaryna laýyklykda her bir önüm babatda dürli möhletler üçin niýetlenilen kepillik talony berilýär.

«Sumbar Computer» dükanynyň kepilligi kepillik talonynda görkezilen möhlet üçin hereket edýär.

Öndürijiniň aç-açan kemçiligi bar bolsa, önümi alyjy ýa-da başga biri abatlamadyk bolsa, zawod möhürleri bar bolsa, şeýle hem önümiň özüne laýyk gelýän programma üpjünçiligi bilen göz öňünde tutulan maksat üçin berk ulanylmagy şerti esasynda kepillik talony güýje girýär,

«Sumbar Computer» dükanyň kepilligi önümiň özüne degişlidir.

«Sumbar Computer» dükany müşderileri üçin sargyt edilen harytlary öýe eltip berme hyzmatyny hem-de eltilip berlen haryt alanyndan soň, bahasyny ýerinde tölemek mümkinçiligini döredýär.

Paýtagtymyz Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň «sumbar-computer.com» web sahypasyndan sargyt eden harytlary üçin eltip berme hyzmaty 24 sagadyň dowamynda ýerine ýetirilýär.

Sargyt hasaba alnandan soň, «Sumbar Computer» dükanynyň wekili müşderiniň salgysy babatdaky maglumatlary jikme-jik anyklamaklyk üçin onuň bilen habarlaşýar. Ýöne, müşderiniň haryt sargyt edeninde görkezen telefon belgisi şol günüň dowamynda elýeterli bolmasa, sargyt ýatyrylýar.

«Sumbar Computer» dükany ýurdumyzyň welaýatlarynyň dürli sebitlerinden edilen sargytlar üçin eltip berme hyzmatyny poçta arkaly amala aşyrýar. Bu ýagdaýda eltip berme hyzmaty üç günden bir hepdä çenli bolan wagt aralygynda ýerine ýetiriler.

Müşderiler «sumbar-computer.com» web sahypasyndan sargyt eden harytlarynyň bahasyny öňünden tölemeli. Harytlar poçta bilen iberilende, daşy bukjaly görnüşde müşderiniň gapysyna eltilip berler.

Sanawda getirilen eltip berme hyzmatlarynyň hiç biri-de alyja laýyk gelmedik ýagdaýynda, müşderi bu babatda öz teklibini berip biler, ýöne bu ýagdaýda alyjy sargyt eden harytlary eltilýän mahaly harytlaryň howpsuzlygy üçin ähli jogapkärçiligi öz üstüne almaly bolar.

«Sumbar Computer» dükanyndan satyn alnan harydyň tölegi nagt ýa-da onlaýn görnüşde, şeýle hem bank geçirmesi bilen (edara görnüşli taraplar ýa-da kärhanalar üçin) ýa-da poçta sargytlary arkaly tölenip bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň