Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmun 2021-nji ýylda Aziýanyň iň gowy futbolçysy üçin berlen sesler boýunça ikinji orny eýeledi

18:2504.01.2022
0
8209

“ESPN Asia” teleýaýlymy öz resmi web sahypasynda 2021-nji ýyl boýunça Aziýanyň iň gowy futbolçysy üçin berlen sesleriň netijelerini yglan etdi.

“Tottenhem” futbol toparynyň hüjümçisi Son Hin Min berlen köp sanly sesler bilen 242 utuk gazanyp, birinji orna mynasyp boldy. Koreýaly futbolçy bu bäsleşikde eýýäm bäşinji gezek bassyr birinjiligi eýeledi.

Ikinji orna bolsa “Zenit” toparynda üstünlikli çykyş edýän, asly türkmen bolan eýranly hüjümçi Serdar Azmun mynasyp görüldi. Ol koreýaly futbolçydan 131 utuk az netije gazandy. Şeýle-de iň tapawutlanan üçlüge 90 utuk bilen “Porto” toparynyň hüjüminde çykyş edýän Mehdi Taremi girmegi başardy.

Azmun bu möwsümde ähli gatnaşan ýaryşlary hasaba alnanda 21 oýunda 10 gol hem-de 4 ýardam pasy bilen tapawutlandy. Azmunyň rus topary bilen bagly şertnamasynyň möhleti möwsümiň ahyrynda tamamlanýar.

“Transfermarkt” futbolçynyň transfer bazaryndaky bahasyny 25 million ýewro diýip kesgitleýär. Hüjümçi “Zenitde” 2019-njy ýylyň ýanwaryndan bäri çykyş edip gelýär.

Yklymyň iň ezber futbolçysyny kesgitlemek üçin geçirilen ses berlişige Aziýanyň öňdebaryjy sport neşirleri, şol sanda Türkmenistandan hem sport bilermenleri gatnaşdy. Şeýle-de bolsa, bu baýragyň AFK tarapyndan berilýän “Aziýada ýylyň futbolçysy” atly baýrak bilen hiç hili arabaglanyşygy ýokdur.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň