Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň gurluşygyna 60-dan gowrak potratçy gatnaşýar

10:5304.01.2022
0
12710

Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň çäginde işleýiş we rahat ýaşaýyş gurşawyny döretmäge niýetlenen binalardyr desgalar toplumyny gurmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Gurluşyk üçin umumy meýdany 1000 gektardan gowrak ýer bölünip berlipdir. Gurluşyk iki tapgyrda amala aşyrylýar, birinji tapgyr takmynan 700 gektar meýdany tutýar. Bu ýerde 336 desga bolup, şol sanda 258 ýaşaýyş jaýy, 64 edara binasy we inženerçilik infrastrukturasy bilen baglanyşykly 14 desga gurulýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Birinji tapgyrdaky dolandyryş, jemgyýetçilik we durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna 60-dan gowrak potratçy edara gatnaşýar. Gurluşyk şertnamalaryny baglaşan baş potratçylaryň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Ajaýyp bina», «Döwlet gurluşyk», «Gujurly binagär» Hojalyk Jemgyýetleri, «Çeper gurluşyk», «Aktab», «Ussat inžener», «Nur bina gurluşyk» ýaly hususy kärhanalar ýaly düzüm bölümleri we beýleki potratçy edaralar bar. Desgalaryň potratçylaryna we buýuryjylaryna bildirilýän üýtgewsiz talap gurluşygyň ýokary hilini üpjün etmekdir.

Häzirki wagtda ähli desgalarda gurluşyk we gurnama işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Işe 500-den gowrak tehniki enjam we 15000-den gowrak dürli hünärli gurluşykçy gatnaşýar.

Ikinji tapgyryň gurluşygynda jemi 151 desga gurmak meýilleşdirilýär, şolaryň 126-sy ýaşaýyş şertleri oňaýly bolan dürli gatly jaýlar, 19 sanysy durmuş we jemgyýetçilik maksatly desgalar we 6-sy bolsa inženerçilik binalarydyr.

Gurluşygyň gidişi bilen yzygiderli gyzyklanýan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň ajaýyp manzaraly ýerinde — Köpetdagyň eteginde gurulýan täze dolandyryş merkeziniň, şäher medeniýeti we ekologiýasy babatynda tebigy gözelligi gorap saklamaga nusga bolmalydygyny birnäçe gezek nygtady. Şoňa görä, dolandyryş merkezi döredilende, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrýan şäher gurluşygynyň we hyzmatlarynyň dolandyrylmagyny üpjün edýän ösen maglumat hem-de aragatnaşyk tehnologiýalaryny we ýeke-täk ekosistemany emele getiriji özara ulgama girýän zatlary birleşdirmäge esaslanýan «akylly» şäher düşünjesiniň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär.

Bu düşünje «akylly» jaýlar, maglumat merkezi — bitewi maglumat binýady, şeýle hem ýaşaýjylara töleg amala aşyrmaga, dürli maglumatlary almaga we ş.m. mümkinçilik berýän ählumumy şäher taslamasy ýaly birnäçe düzüji elementleri öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň