Arhiw

«Eni Turkmenistan Limited» boş iş orunlaryny yglan edýär

10:0104.01.2022
0
30306

«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasynda baş buhgalteriň wezipesine boş iş ornuny yglan etdi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň şu günki, 4-nji dekabrdaky sanynda habar berilýär.

Işe girmek üçin esasy talaplar şu aşakdakylardan ybarat:

— ýokary bilim;
— iş tejribesi — buhgalter bolup azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolmaly;
— türkmen, rus we iňlis dillerini gowy bilmeli;
— kompýuterden gowy baş çykarmaly.

Işe girmek isleýän dalaşgärler, Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 41-nji jaýynda ýerleşýän «Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasynyň şahamçasyndan gerekli anketalary alyp bilerler.

Doldurylan anketalar, bildiriş çap edilen gününden başlap, 2 hepdäniň dowamynda ETL-e tabşyrylmalydyr.

Dalaşgärler öz arzalary jobs@eni.tm elektron poçtasyna hem iberip bilerler.

Söhbetdeşlige bildirilýän talaplara laýyk gelýän, öz ugrundan tehribesi ýetik bolan dalaşgärler çagyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň