Ilçi Ýamamoto Hiroýuki türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň 2021-nji ýyl boýunça netijelerini mälim etdi

18:1701.01.2022
0
6757

Ýaponiýanyň Aşgabatdaky adatdan daşary we doly ygtyýarly wekili Ýamamoto Hiroýuki Türkmenistanyň raýatlaryny Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady.

Ilçihananyň resmi web sahypasynda çap edilen gutlag hatynda jenap Hiroýuki geçen ýylyň netijelerini mälim etdi we şu ýylyň meýilnamalary barada gysgaça belläp geçdi.

Hususan-da, gutlag hatynda şeýle diýilýär:

“Koronawirus ýokanjynyň dünýä ýaýramagy sebäpli, 2021-nji ýyl kynçylyklary ýüze çykardy, ýöne muňa garamazdan, ýylyň dowamyndaky gazanylan netijeleriň şaýatlyk edişi ýaly, Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.

Esasan-da, iýul aýynda Tokioda Olimpiýa oýunlary üstünlikli geçirildi we agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda geçen ýaryşda türkmen türgeni Polina Gurýewanyň Türkmenistanyň sport taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny (kümüş) alandygy baradaky hoş habary eşitdik.

Sentýabr aýynda Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Edzima Kiýosi Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Şunda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy alyş-çalyş hyzmatdaşlyklarynyň hem oňyn ösýändigini aýtmak gerek. Ykdysady ugurda sentýabr aýynda jenap Edzimanyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Elektrik stansiýasy türkmenleriň tebigy gazy esasynda ýapon tehnologiýalaryny ulanmak bilen netijeli işleýär we diňe bir ýurduň içinde däl, eýsem Owganystany we Özbegistany hem elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.

Mundan başga-da, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan saparynda Türkmenistany “KOMATSU-nyň” gurluşyk enjamlary hem-de “TOYOTA” kompaniýasynyň taksileri we awtobuslary bilen üpjün etmek baradaky taslamalaryň resminamalaryna gol çekildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde mart aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Taslama Hyzmatlary Ofisinden (UNOPS) 3 million dollarlyk lukmançylyk enjamlaryny satyn almak üçin berilýän kömek barada belliklere gol çekişme dabarasy geçirildi we dekabr aýynda lukmançylyk enjamlarynyň birinji tapgyryny gowşurmak dabarasy boldy.

Maý aýyndan iýun aýyna çenli BMG-niň Neşelere garşy göreş we jenaýat gullugy (UNODC) tarapyndan berilýän kömegiň çäklerinde Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin “Töwekgelçilikleriň seljermesi we neşe serişdelerini gözlemegiň hem-de ýüze çykarmagyň usullary” atly okuw maksatnamasy alnyp baryldy.

Iýun aýynyň ahyrynda bolsa Ýaponiýanyň hökümetiniň “Guramaçylykly jenaýatçylyga, bikanun neşe serişdelerini aýlamak we terrorçylyga garşy çäreler” grantynyň çäginde Türkmenistanyň serhet gullugyna “Nissan Patrol” awtoulaglaryny bermek dabarasy boldy.

Koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek babatda JICA saglygy goraýyş işgärleri üçin birnäçe onlaýn okuwlaryny geçirdi. 2021-nji ýylda koronawirus ýokanjy sebäpli çäklendirmelere garamazdan, fewral aýyndan mart aýyna çenli ýapon gurjaklarynyň sergisini, maý aýynda bolsa ýapon dilini öwrenmek boýunça bäsleşigi geçirmegi başardyk. Mundan başga-da, iýul we dekabr aýlarynda ýapon dilini bilmek boýunça synag (JLPT) geçirildi.

2022-nji ýylda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl bolýar. Bu ýylda gatnaşyklaryň 30 ýyllyk ýubileýine gabat gelýän köp sanly medeni çäreleriň hatarynda köp sanly dabaralary geçirmegi meýilleşdirýäris. Pursatdan peýdalanyp, ähli türkmen halkynyň Ýaponiýanyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşmakdan lezzet almagyny isleýärin.

Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary dowam etdireris. Siziň goldaw bermegiňize we hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigiňize umyt edýärin”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň