Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow: «Türkmenistan bakteriologiýa we wirusologiýa boýunça bitewi çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga taýýar»

23:0028.12.2021
0
13197
Berdimuhamedow: «Türkmenistan bakteriologiýa we wirusologiýa boýunça bitewi çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga taýýar»
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl sammitinde eden çykyşynda Russiýa koronawirus ýokanjynyň öňüni almakda berilýän kömek üçin minnetdarlyk bildirip, eger-de Russiýa hut bakteriologiýany hem-de wirusologiýany öwrenmek boýunça özüniň maslahatlaryny we gollanmalaryny merkezleşdirilen görnüşde berse, onda bu meselelerde bitewi çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanyljakdygyny nygtady.

Şeýle hem türkmen Lideri Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Russiýadan tapawutlylykda, beýleki kliniki alamatly arid zolaklarda ýerleşýändigine duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, şu zolagyň aýratynlyklaryndan ugur alyp, bu ýokanjyň genomyny öwrenmegiň zerurdygyny nygtady.

Häzirki güne çenli Türkmenistanda bu pandemiýa hasaba alynmady. Russiýa Federasiýasynyň goldaw bermegi netijesinde biz ilkinjileriň biri bolup, özümizde “Sputnik V” hem-de “EpiWakKorona” waksinalaryny bellige aldyk. Häzirki günde biziň ilatymyza şol waksinalar bilen sanjym geçirildi. Ýaňy-ýakynda biz “Sputnik Laýt” waksinasyny aldyk. Ol eýýäm buster sanjymy hökmünde kabul edilýär diýip, türkmen Lideri belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň