«Daşoguzörisuw» 15 guýuda täzeleýiş işlerini geçirdi

09:5126.12.2021
0
8107

Daşoguz welaýatynyň uzak öri meýdanlarynda suwaryş desgalarynyň ulgamyna ýene bir guýy goşuldy. Çuňlugy 12 metr bolan bu täze desgany S.A.Nyýazow etrabynyň «Yslam oý» öri meýdanynda «Daşoguzörisuw» abatlaýyş we gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri gurdular.

Maldarçylyk pudagynda öri dowar we düýedarlyk üstünlikli amala aşyrylýan Daşoguz welaýatynda öri meýdanlarynyň ýagdaýyna we ot-iým mümkinçiliklerine hemişe aýratyn üns berilýär. Olary netijeli ulanmagyň, şol sanda maldarçylyk önümleriniň özüne düşýän gymmatyny pese düşürmek üçin ulanmagyň-da esasy serişdelerinden biri suw gorunyň çuňlugyna we gündelik kuwwatyna görä tapawutlanýan ösen guýy ulgamynyň bolmagydyr. Olar bu ýerde mallar üçin ýokary hilli suw üpjünçiliginiň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýärler. Öri meýdanlarynyň yzygiderli suwlylandyrylmagy ekologiýa kadalarynyň we tebigaty tygşytly dolandyrmagyň talaplarynyň berk berjaý edilmegi bilen amala aşyrylýar. Özi-de, täze guýular gurlanda, çykdajylaryň çalt ödelmegine ýardam edýän ähli şertler göz öňünde tutulýar.

Şol bir wagtyň özünde, sebitiň çäginde bar bolan suw üpjünçilik desgalaryny kadaly ýagdaýda saklamak üçin, her ýyl uly işler alnyp barylýar. Diňe şu ýyl «Daşoguzörisuw» abatlaýyş we gurluşyk şereketiniň hünärmenleri 15 guýuda desgalaryň netijeli ulanylmagyna we hyzmat ediş möhletiniň uzaldylmagyna goşant goşjak täzeleýiş işlerini amala aşyrdylar. On iki aýyň dowamynda kärhananyň işgärleri öri meýdanlarynyň infrastrukturasyny ösdürmäge we mallaryň suw üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilen 248 müň manatlyk dürli işleri amala aşyrdylar, bu bolsa olara ýyllyk tabşyrygyň hötdesinden üstünlik bilen gelmäge mümkinçilik berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň