Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynda iş saparynda boldy

21:4322.12.2021
0
33865

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynda iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda wise-premýer gündogar sebitde döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, şeýle-de bazarlarda alyjylara hödürlenýän önümler, olaryň bahalary bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer S.Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň bazarlarynda bolup, ol ýerde zähmet çekýän satyjylar bilen gürrüňdeş bolup, olar üçin işlemäge döredilýän mümkinçilikler bilen gyzyklandy. Soňra Lebap welaýat häkimliginde maslahat geçirdi. Maslahatda welaýatda ýerine ýetirilýän işler, raýatlaryň ýaşamaklary, zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertlerdir mümkinlikler bilen hem içgin gyzyklandy.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa ýurduň welaýatlarynda saparda bolup, ýerlerde alnyp barylýan işler, şol sanda bazarlarda alyjylara hödürlenýän harytlaryň bahalary bilen tanyşmagy tabşyrypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň