Soňky habarlar

Arhiw

"Şagadam" taryhynda ikinji gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp boldy

19:5322.12.2021
0
7766

Ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň finaly geçirilip, onda “Ahal” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşdylar.

Tütkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” stadionynda geçirilen duşuşykda döreden mümkinçilikleirni has ýerlikli peýdalanan “Şagadam” topary taryhynda ikinji gezek Kubok ugrundaky bäsleşikde 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Şagadam” toparyna ýeňiş getiren topy Mekan Aşyrow öz adyna ýazdyrdy.

“Şagadam” topary mundan öň 2007-nji ýylda Kubok ugrundaky bäsleşikde ýeňiş gazanypdy.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň final duşuşygy:

“Ahal” – “Şagadam” – 0:1
Gol: 21 Mekan Aşyrow (“Şagadam”)
Duýduryş: 61 Mirza Beknazarow (“Ahal”)
Geçirilýän ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Duşuşygyň emini: Resul Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Pälwan Pälwanow (Daşoguz ş.), Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Şageldi Hydyrow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: Maksat Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: Rustam Japarow (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň