Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyra» çempionlyk kubogy gowşuryldy

23:4519.12.2021
0
4067

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 14-nji tapgyrynda «Nebitçi» bilen geçirilen duşuşykdan soňra, möwsümiň çempiony «Altyn Asyr» toparyny sylaglamak dabarasy boldy.

Çempion topara degişli baýrak we birinji orun ugrundaky medallar paýtagtdaky «Sport toplumy» stadionynda gowşuryldy. Paýtagtymyzyň toparyna baýraklary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow gowşurdy. Çempionlyk kubogyny toparyň kapitany, ýarymgoragçy Ahmet Ataýew kabul etdi.

«Altyn Asyr» topary çempionlygyny eýýäm 13-nji dekabrda geçirilen 12-nji tapgyryň duşuşygynda yglan edipdi. Şol tapgyrda «Altyn Asyr» paýtagtymyzyň «Aşgabat» toparyny 4:0 hasabynda ýeňmegi başarypdy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri bassyr sekizinji gezek çempion bolup, Ýokary liganyň rekordyny täzelediler. «Altyn Asyryň» 2014-nji ýyldan bäri çempionlygy hiç bir garşydaşyna bermän gelýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň