Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwda geleşikleriniň umumy bahasy 11,6 million ABŞ dollaryndan geçdi

22:2519.12.2021
0
2693
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwda geleşikleriniň umumy bahasy 11,6 million ABŞ dollaryndan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Kipriň we Täjigistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Ýer zemin berekedi» hususy kärhanasynda öndürilen posdan we ýaglardan arassalamak üçin niýetlenen serişdäni satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 11 million 672 müň dollaryndan gowrak boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň