Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

13:0017.12.2021
0
6801
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
Surat: tdh.gov.tm

Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Ýygnananlar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň bu iri syýasy guramasynyň döredilmeginiň şanly senesi mynasybetli, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalaryna iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler.

Türkmen Lideriniň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhy ösüşiniň 30 ýyllyk şöhratly ýoly halkymyzyň iň oňat, ynsanperwer hem-de hoşmeýilli milli häsiýetleriniň, döwleti we jemgyýeti dolandyrmakdaky ukyp-başarnygynyň ýüze çykan döwri boldy. Bu babatda Demokratik partiýa halkymyzyň güýjüni jemgyýetiň öňünde duran belent maksatlaryň daşynda jebisleşdirmekde uly guramaçylyk işlerini ýola goýmaga işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk derejesi özgerdildi, iki palataly Parlament ulgamyna geçmek baradaky başlangyçlar amala aşyryldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji saýlawlaryny syýasy we guramaçylyk taýdan üpjün etmekde Türkmenistanyň Demokratik partiýasy möhüm orun eýeledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Demokratik partiýanyň agzalarynyň ençemesiniň saýlawçylaryň ynamyna mynasyp bolup, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanylmagy halkyň arasynda partiýanyň täsiriniň artýandygyny aňladýar.

Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlag hatynyň olary has-da netijeli işlemäge ruhlandyrandygyny bellediler.

Çykyş edenler döwlet Baştutanynyň Türkmenistanyň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen ýadawsyz we tutanýerli işi netijesinde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň yzygiderli artýandygyny nygtadylar.

Çykyşlarda türkmen döwletiniň we mähriban halkymyzyň taryhynyň 30 ýylynyň dowamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyna aýratyn üns berildi.

Demokratik partiýanyň agzalary amala aşyrylýan wagyz-nesihat işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, partiýanyň hatarlaryna giň gözýetimli ýaşlary çekmek, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna degişli çärelere taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça anyk çäreleri görýärler. Bularyň ählisi ýaş nesliň watançylyk we ruhy-ahlak terbiýesine, türkmenistanlylary ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere işjeň gatnaşmaga çekmäge ýardam edýär.

Forumyň çäklerinde Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda mowzuklaýyn sergi ýaýbaňlandyryldy.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeňlerini Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň