Täze ýylyň öňüsyrasynda Eýranyň miweleriniň Türkmenistana eksporty örän artdy

10:5417.12.2021
0
19869

Täze ýylyň öň ýanynda Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän Mazenderan şäherinden goňşy döwletlere, aýratyn-da Türkmenistana we Russiýa gündelik eksport edilýän üç görnüşli miweleriň — kiwiniň, mandariniň hem-de apelsiniň mukdary ýokary derejede artdyryldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berýär.

Türkmenistan şol bir wagtda Eýrandan alma miwesini hem ýokary derejede import edýän döwletdir. Eýranyň miwe önümleri bahasynyň we hiliniň elýeterligi üçin ýokary isleglerden peýdalanýar.

Şonuň bilen birlikde Türkmenistan ter gök hem-de miwe önümleri daşary ýurtlara eksport etmekde bäsdeşlige ukyply döwlet hökmünde çykyş edýär. Munuň bilen baglylykda, “EastFruit-yň” synçylary ýyladyşhanada ýetişdirilen türkmen pomidorlarynyň rus bazarlaryna çykarylmagyna uly baha berdiler.

Merkezi Aziýa sebitiniň miwe önümleriniň eksport görkezijisine laýyklykda, Türkmenistanyň öňdebaryjy orunlary eýeleýändigi bellenilýär. Tomus paslynda ýurtdan Russiýa Federasiýasyna 507 tonna alma eksport edildi. Bu görkeziji 2020-nji ýylyň degişli döwründäki eksport bilen deňeşdirilende 30% ýokarydyr. Çeşmede bellenilişine görä, 2021-nji ýylyň tomsunda Russiýada almanyň bahasy geçen ýylkydan arzan bolup, degişli şertlerde türkmen önümleriniň bäsdeşlige ukyply bolmagyna ýardamyny ýetirdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň