Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedowyň täze goşgusynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

16:1115.12.2021
0
6049

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler türkmen Lideriniň täze goşgusynyň manysy, mazmuny, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan belent başlangyçlary barada çykyş etdiler. Çykyş edenleriň hatarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa, Türkmenistanyň Gahryman Gözel Şagulyýewa, «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory, şahyr Kakamyrat Rejepow, «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Ogulmaýsa Allaberdiýewa, şahyr Gülşirin Hanowa we beýlekiler bar. Dabarada Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýew türkmen Lideriniň täze goşgusynyň aýdyma öwrülen görnüşini ilkinji gezek ýerine ýetirdi. Goşguda parahatçylyk, asuda durmuş, erkana ýaşaýyş hakyndaky arzuwlar eriş-argaç bolup geçýär.

Täze goşgynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň halk artistleri Annaguly Myratgulyýewiň, Parahat Amandurdyewiň, Sahadursun Hojakowanyň, şeýle-de Zylyha Kakaýewanyň 10-njy dekabrda «Dünýä dursun parahat!» atly geçirilen türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylary bilen bilelikde ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen aýdymyň wideogörnüşi hem görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň