Soňky habarlar

Arhiw

“Google” ulanylan “iPhone” smartfonlaryny satyn alyp başlady

23:3411.12.2021
0
4558

“Google” korporasiýasy ulanylan “iPhone” smartfonlaryny satyn alyp başlady. ferra.ru saýtynyň habar bermegine görä, bu iş eýýäm birnäçe wagt bäri dowam edýär, ýöne häzirki wagtda kompaniýa ulanyjylar üçin has amatly şertleri döretdi. Mysal üçin, “Google Store” resmi dükanyndan ulanyjylar “Pixel 5a” smartfonuny satyn alanda köne “iPhone-y” tabşyryp, harydy 100 dollar arzanladyş bilen alyp bilýärler.

Hünärmenleriň pikiriçe, “Google” kompaniýasy “Apple” bilen bäsdeşligi sebäpli, ulanylan smartfonlary satyn almagyň şertlerini täzeledi, şeýlelikde hem öz enjamlaryny mümkin boldugyça köp satmagy maksat edindi. Şeýle-de bolsa, “Google” diňe “iPhone 7-den” köne bolmadyk smartfonlary kabul edýär hem-de bu arzanladyş 2017 — 2018-nji ýyllar aralygynda çykarylan smartfon modellerine degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň