Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanlylar Täze ýyl güni «Syrly sowgat» atly täze filme tomaşa edip bilerler

12:0410.12.2021
0
12536

Türkmenistanyň Telewideniýe we radiogepleşikler, kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Syrly sowgat» atly täze film surata düşürildi. Täze filmiň režissýory Arslan Eýeberdiýew bilen Annadurdy Täşliýew, goýujy operatory bolsa Şahzod Batyrowdyr.

Täze filmde bir günüň içinde bolup geçýän wakalar beýan edilýär. Onda filmiň baş gahrymany öz syrly sowgadyny eýesine gowşurmak üçin birnäçe gyzykly pursatlary başdan geçirýär. Syrly sowgadyň gowşurylmaly wagty, sagady belli. Şonuň üçin hem filmde baş gahryman öz sowgadyny wagtyndan gijä galman gowşurmak üçin yhlasny gaýgyrmaýar. Gahrymanyň başyndan geçirýän tolgundyryjy hem gülkili wakalary tomaşaçylarda uly täsir galdyryp, halk köpçüliginiň söýgüsini gazanjakdygyny şaýatlyk edýär.

«Syrly sowgat» atly täze filmde Ata Şarlyýew Poladyň, Annadurdy Täşliýew Annaberdiniň, Yhlas Yslamow Bähbidiň, Rahymberdi Annagulyýew Baýram aganyň, Çaryýar Seýitliýew Annanyň, Mekan Gurbanalyýew bolsa Gaýanyň keşbinde çykyş edýär.

Belläp geçsek, «Nur ýüpek» matalar dükany, «Täze aý» hojalyk jemgyýeti, şeýle-de «Kindi» konditer önümleri kärhanasy «Syrly sowgat» atly täze filmiň surata düşürilmegine hemaýatkärlik etdiler.

Türkmenistanlylar «Syrly sowgat» atly täze filme Täze ýyl güni milli teleýaýlymlaryň üsti bilen tomaşa edip bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň