Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ikinji wirtual sergisi açyldy

12:5009.12.2021
0
5904

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ürkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ikinji wirtual sergisi açyldy. Bu barada TSSE-niň resmi saýty habar berýär.

Sergi Türkmenistanyň senagat we önümçilik potensialyny görkezmäge, maýa goýujylary çekmäge, içerki we daşarky söwdanyň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen.

Wirtual sergä gatnaşmak isleýänler Söwda-senagat edarasynyň wirtual zalyna baryp, sergi meýilnamasynda islän ugruny saýlamak arkaly serginiň bölümleri bilen tanşyp bilerler.

Serginiň umumy meýdany 2304 inedördül metr. Sergide jemi 50-den gowrak gatnaşyjy bolup, olaryň stendlerinde önümler we hyzmatlar barada doly maglumat ýerleşdirilen. Her stendde wideo, maglumat kitapçasy we sergä gatnaşyjynyň wizitkasy bilen tanyşmak mümkin.

Sergä gatnaşyjylaryň sanynyň köp bolmagyny gazanmak maksady bilen sergi 3 dilde, ýagny türkmen, rus we iňlis dillerinde görkezilýär.

Sergini bir aýyň dowamynda görmek mümkin.

Sergä şu salgydan gatnaşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň