Soňky habarlar

Arhiw

Türk elektrik ulaglary Las-Wegasdaky sergide görkeziler

18:1308.12.2021
0
861

Türkiýede öndürilen täze elektrik awtoulaglary Las-Wegas şäherinde geçjek Consumer Electronic Show (CES) sergisinde görkeziler. Bu barada Trend habarlar gullugy ýazýar.

Ady tutulan ulag sergisi 2022-nji ýylyň 5-8-nji ýanwarynda 55-nji gezek geçer, bu sergi tehnologiýalar dünýäsinde möhüm ähmiýete eýedir.

Türkiýede elektrik ulaglaryny öndürmek boýunça kärhananyň düýbi 2020-nji ýylyň 18-nji iýulynda ýurduň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda tutulypdy. Häzir gurluşyk işleri 1850 sany işçiniň we inženeriň gatnaşmagynda çalt alnyp barylýar. Awtoulag zawodyny 2022-nji ýylyň ortalarynda açyp ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar, geljek ýylyň ahyryndan bolsa, kärhana elektrikde işleýän türk awtoulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligine başlar. Onda ulaglaryň bäş kysymy çykarylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň