"Ahal" "Altyn asyry" ýeňip, Türkmenistanyň kubogynyň finalyna çykdy

19:1207.12.2021
0
5098

«Ahal» Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykdy. Topar «Altyn Asyry» 2:1 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda ilkinji goly «Ahalyň» oýunçysy Nurýagdy Muhammedow geçirdi. Welmyrat Ballakowyň geçiren goly bilen «Altyn Asyr» hasaby deňledi.
«Ahalyň» tejribeli oýunçysy Elman Tagaýewiň geçiren goly bolsa, duşuşygyň soňky nokadyny goýdy.

Şeýlelikde, «Ahal» 22-nji dekabrda geçiriljek ýaryşyň final duşuşygynda «Şagadam» bilen Türkmenistanyň kubogy ugrunda bäsleşer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň