Soňky habarlar

Arhiw

Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasynda bellenilen meýilnama 126 göterim amal edildi

09:1806.12.2021
0
609
Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasynda bellenilen meýilnama 126 göterim amal edildi

Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň çäklerinde ýakyn ýyllarda ýod-brom suwlaryny gaýtadan işläp, ýod we brom hem-de olardan alynýan önümleri öndürýän kärhanalaryň kuwwatlylygyny artdyrmak meýilleşdirilýär. Şonuň netijesinde tehniki ýoduň öndürilişi 2,3 esse artar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasynyň hünärmenleri 2021-nji ýylyň ýylyň netijeli jemlenmegi ugrunda gaýratly zähmet çekýärler.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, ýyllyk kuwwaty ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 million sanysyny hem-de diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmäge niýetlenilip gurlan bu kärhanada şu ýylyň on bir aýynda 6,9 million manatlykdan köp işler özleşdirilip, bellenilen meýilnama 126 göterime barabar amal edildi. Önümçilik bölümleriniň ählisi-de kompýuter arkaly dolandyrylýar we kärhanada öndürilýän harytlaryň agramly bölegi Ukraina, Belarus, Azerbaýjan, Täjigistan, Owganystan, Özbegistan ýaly döwletlere hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna ugradylýar. Geçen hasabat döwründe taýýar önümleri ýerleşdirmek baradaky tabşyrygyň 144 göterim ýerine ýetirilendigini hem aýratyn nygtamak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň