Soňky habarlar

Arhiw

Täze ýyl mynasybetli türkmen teleýaýlymlarynda täze filmleriň birnäçesi görkeziler

20:0203.12.2021
0
13822

«Täze ýyl baýramy mynasybetli Türkmenistanda şowhunly konsertleriň birnäçesi taýýarlanylýar. Baýramçylyk günlerinde tomaşaçylara täze filmler hem hödürleniler» diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri ýazýar.

Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň döredijilik topary estrada aýdymçylaryň we wäşileriň gatnaşmagynda şowhunly gepleşik taýýarlady. Oňa ýurdumyzyň tanymal artistleri we aýdymçy-sazandalary gatnaşýarlar. Konsert «Miras» teleýaýlymynda Täze ýyl agşamy görkeziler.

Täze ýyl gijesiniň şowhunly gepleşikleri we filmleri baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşýar. Kinorežisýor Arslan Eýeberdiýew baýramçylyk mynasybetli gysga metražly «Syrly sowgat» filmini taýýarlar, režisýor Myrat Orazow «Geldi Täze ýyl!» kinolentasyny we Sapardurdy Annaýew gysga metražly «Sowgat» filmini surata düşürýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň