Soňky habarlar

Arhiw

Amerikaly alymlar duz dänesiniň ululygynda kamera döretdiler

17:1502.12.2021
1
3919

Prinston we Waşington uniwersitetleriniň alymlar topary adaty linzalar bilen deňeşdirilende açyk reňkli şekilleri berýän täze ultra ykjam kamerany döretdiler. Mini-kameranyň ölçegleri duz dänesine laýyk gelýär.

Hünärmenler geljekde täze tehnologiýanyň kömegi bilen birnäçe linzanyň ýerine smartfonyň arka tarapynda bir ultra giň linzaly boljakdygyna ynanýarlar. Bu ýagdaýda smartfonyň tutuş paneli ullakan kamera ýaly bolar. Alymlaryň täze açyşy, ini bary-ýogy 0,5 millimetr bolan metasurf tehnologiýasyna esaslanýar. Öň beýleki ultra ykjam metasurf linzalary şekili ýoýup, dar görmek burçuna we görünýän ýagtylygyň ähli spektrini almak üçin çäkli ukybyna eýe bolsa, täze ösüşde bu kemçilikler düýbünden ýok. Ferra.ru web sahypasynyň habaryna görä, täze ösüşiň netijesinde hünärmenler täze kameranyň kömegi bilen alnan şekiliň hilini ýokarlandyrmagy başardylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň