Türkmenistanda «Ýakyndar» atly awtoulag şaýlaryny satýan täze onlaýn dükany açyldy

09:2401.12.2021
0
9946
Türkmenistanda «Ýakyndar» atly awtoulag şaýlaryny satýan täze onlaýn dükany açyldy

«Ýakyndar» onlaýn dükany awtoulag şaýlarynyň we şuňa meňzeş önümleriň giň toplumyny hödürleýär. Awtoulag sürüjileri öz sahypalarynda awtoulagy abatlamak we goldamak üçin zerur zatlary tapyp bilerler: ätiýaçlyk şaýlary, tekerler we tigirler, tormoz torlary, batareýalar, awtoulag himiki serişdeleri - ýaglar we süzgüçler, tormoz suwuklygy, antifriz, arassalamak we awtoulag ideg önümleri we ş.m. Şeýle hem welosipedleriň saýlamasy hem bar.

Onlaýn dükanda hödürlenýän önümler Toyota, Pioneer, Michelin, Hyundai, Hankook, Westlake, Mobil, Apollo, Varta we beýlekiler ýaly öňdebaryjy öndürijiler tarapyndan öndürilýär.

Gözleg süzgüçleriniň we toparlara bölünmeginiň amatly ulgamy saýtda dogry önümleri tapmagy aňsatlaşdyrýar. Maglumat rus, türkmen we iňlis dillerinde elýeterlidir.

350 manatlyk haryt sargyt edilende, Aşgabadyň içinde, Änew we Büzmeýine eltip bermek hyzmaty tölegsiz amala aşyrylýar. Harytlar 24 sagadyň dowamynda sargyt edilen salga eltilip berilýär.

Onlaýn dükandan söwda edilende tölegler nagt hemde nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.

Belläp geçsek, «Ýakyndar» onlaýn dükanynyň web sahypasynda ulanyjylar öz awtoulaglaryny satmak üçin mahabatlaryny goýup bilerler, munuň üçin onlaýn dükanyň web sahypasynda hasaba durmak ýeterlikdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň