Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyr" "Ahaly" ýeňip, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeke-täk liderine öwrüldi

23:5030.11.2021
0
4922

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda çempionlyk ugrundaky göreşiň esasy dalaşgärleri «Ahal» bilen «Altyn Asyr» toparlary duşuşdylar.

«Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda netijeli oýun görkezen «Altyn Asyr» topary 2:1 hasabynda üstün çykdy. «Altyn Asyra» ýeňiş getiren toplary Myrat Annaýew bilen Altymyrat Annadurdyýew geçirdiler.

Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň 21 utuk toplan «Altyn Asyr» ýaryş tertibinde öňdäki orna geçmegi başardy. Ikinji orny eýeleýän «Ahal» topary 18 utuk toplady.

17 utugy bolan «Şagadam» ýaryş tertibinde üçünji basgançagy eýeleýär.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň duşuşyklary 3-nji dekabrda geçirilip, onda «Merw» – «Aşgabat», «Altyn Asyr» – «Şagadam», «Nebitçi» – «Köpetdag» hem-de «Energetik» – «Ahal» toparlary duşuşarlar.

9-njy tapgyryň duşuşygy:

«Ahal» – «Altyn Asyr» – 1:2
Gollar: 45+2 Elman Tagaýew («Ahal») – 31 Myrat Annaýew, 73 Altymyrat Annadurdyýew («Altyn Asyr»)
Duýduryşlar: 21 Gurbanguly Aşyrow, 60 Arslanmyrat Amanow, 85 Ilýa Tamurkin («Ahal») – 36 Myrat Annaýew, 40 Altymyrat Annadurdyýew, 59 Berdimyrat Rejepow, 61 Welmyrat Ballakow, 61 Ahmet Ataýew («Altyn Asyr»)
Geçirilen ýeri: «Aşgabat» stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), P.Pälwanow (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)
Duşuşygyň komissary: A.Mämmetgulyýew (Aşgabat ş.)

Ýaryş tertibi:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. «Altyn Asyr» 9 7 0 2 18-12 21
2. «Ahal» 9 5 3 1 18-7 18
3. «Şagadam» 9 5 2 2 17-12 17
4. «Köpetdag» 9 2 5 2 14-13 11
5. «Nebitçi» 9 2 4 3 4-7 10
6. «Aşgabat» 9 2 3 4 14-13 9
7. «Merw» 9 1 4 4 13-18 7
8. «Energetik» 9 1 1 7 6-22 4
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň