Arhiw

Berdimuhamedow «Lukoýl» AGPJ-niň ýolbaşçysyny kabul etdi

22:3529.11.2021
0
6217
Berdimuhamedow «Lukoýl» AGPJ-niň ýolbaşçysyny kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Işewür hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen Liderine hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän iri nebit kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtly, şol sanda russiýaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hemişe açykdygyny nygtady. Dünýäde uglewodorod serişdelerini öndürýän iri döwletleriň biri bolan ýurdumyz ýangyç-energetika ulgamynda umumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär diýip, Prezidenti Berdimuhamedow belledi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem-de geljegi barada pikir alşyldy, Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän toplumlaýyn energetika strategiýasy bu hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Maýa goýum işini höweslendirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary amala aşyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Hazar sebitiniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy, şunda hukuk kadalaryna hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgesine esaslanýan ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy möhüm şert bolup durýar.

Işewür Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň häzirki wagtda Türkmenistanda alyp barýan işleri hem-de Hazar giňişliginde bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça taýýarlanylan teklipler bilen tanyşdyryp, bildirilýän ynam üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we russiýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli pudaklaýyn maksatnamalara işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassyklady.

«Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy kompaniýanyň geljekde hem üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara bähbitli, uzak möhletleýin esasda üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň