Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2021: «Köpetdag» bäşinji, «Merw» dördünji deňligini gazandy

21:4929.11.2021
0
2707
TÝL ― 2021: «Köpetdag» bäşinji, «Merw» dördünji deňligini gazandy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyryndaky «Köpetdag» ― «Merw» duşuşygy ýer eýeleriniň möwsümdäki bäşinji, «Merwiň» bolsa dördünji deňligi bilen tamamlandy.

1:1 hasabyndaky deňlikde tamamlanan duşuşykdaky gollaryň ikisi hem 11 metrlik jerime urgusyndan girizildi. Has takygy, 35-nji minutda Begenç Alamow myhmanlary öňe çykaran bolsa, 56-njy minutda Şiri Annaýew hasaby deňledi.

Bu duşuşykdan soňra «Köpetdag» 11-nji, «Merw» 7-nji utugyny gazandy.

“Köpetdag” – “Merw” – 1:1
Gollar: 56 (11 m.j.u.) Şiri Annaýew (“Köpetdag”) – 35 (11 m.j.u.) Begenç Alamow (“Merw”)
Duýduryşlar: 34 Şiri Annaýew, 75 Ýakup Maksadow (“Köpetdag”) – 55 Döwletgeldi Mirsultanow (“Merw”)
Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)
Duşuşygyň komissary: B.Nurmyradow (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň