Soňky habarlar

Arhiw

Özbek filmi «Listapad» halkara kinofestiwalynyň ýeňijisi boldy

17:5528.11.2021
0
996

Belarus Respublikasynyň paýtagtynda geçen XXVII Minsk halkara «Listapad» kinofestiwalynda özbek kinorežissýory Jahangir Ahmedowyň «Ilhak» atly filmi ýeňiji diýlip yglan edildi. Bu barada «Belta» habarlar gullugy ýazýar.

2020-nji ýylda ekranlara goýberilen film Ikinji jahan urşunyň 75 ýyllygyna bagyşlanýar, ondaky wakalar durmuşda bolan wakalara esaslanýar. Ýeke özi bäş ogly terbiýeläp ýetişdiren we olardan uruş zerarly jyda düşen özbek zenanynyň hesretli ykbaly filmiň özenini düzýär.

«Ilhak» filmi «Özbekkinonyň» we «Belarus» Milli kinostudiýasynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygynda döredildi.

Kinofestiwalyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň medeni hyzmatdaşlygy we halklaryň arasyndan dostlugy ösdürmäge bagyşlanan «Serhetsiz kino» atly ýörite baýragyna «Qazax. Altyn adamyň taryhy» filmi mynasyp boldy.

Kinofestiwalda beýleki ugurlar boýunça hem ýeňijiler yglan edildi.

XXVII Minsk halkara «Listapad» kinofestiwaly 20-26-njy noýabrda «Kino: birligiň nyşany» diýen çagyryş bilen geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň