Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Prezidentini kabul etdi

23:5027.11.2021
0
10570

27-nji noýabrda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtyň Halkara howa menzilinde Ykdysady Hymatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň ХV Sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Prezident Arif Alwi mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Pakistanyň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan açyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ýokary baha berip, soňky ýyllarda ösüşiň täze derejesine çykan däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Sammite gatnaşýandygy üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň Pakistany Günorta Aziýanyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde möhüm hyzmatdaş hasaplaýandygyny aýtdy.

Prezident Arif Alwi hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň üçünji müňýyllykda durnukly parahatçylygy üpjün etmegiň pugta binýadynyň döredilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň aýratyn wajypdygyny nygtady.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, döwletara gatnaşyklarynyň özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolmagynyň iki ýurda dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda däp bolan dostlukly türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirip, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Arif Alwi iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Iki döwletiň senalary ýaňlanandan soň, Pakistanyň Baştutany özi üçin bellenilen kabulhana ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň