Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglandy

22:2727.11.2021
0
16569

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, türk Lideri Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglandy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, döwlet hem-de jemgyýetçilik işi bilen ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesli okatmagyň we terbiýelemegiň netijeliligini ýokarlandyrmakda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistana netijeli ýardam bermekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň