Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2021: «Energetigi» bir pökgi bilen ýeňen «Altyn asyr» utugyny «Ahal» bilen deňledi

23:5026.11.2021
0
3342
TÝL ― 2021: «Energetigi» bir pökgi bilen ýeňen «Altyn asyr» utugyny «Ahal» bilen deňledi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynda Marynyň «Energetik» stadionynda geçirilen duşuşykda adybir topar Aşgabadyň «Altyn asyryndan» 0:1 hasabynda asgyn geldi.

Şeýlelikde, ýer eýeleri möwsümde altynjy gezek ýeňildiler. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 38-nji minutda Rahman Myratberdiýew geçirdi.

Bu duşuşykdan soňra möwsümdäki ýeňiş tapgyryny dört duşuşyga çykaran «Altyn asyr» 18 utuga çykdy we «Ahal» bilen utuk babatynda deňleşdi. «Aragatnaşykçylar» bu netije bilen häzir ýaryş tertibiniň ikinji basgançagynda. «Energetik» bolsa 4 utuk bilen 8-nji orunda galdy.

Indiki tapgyrda «Altyn asyr» «Ahal» bilen myhmançylykda duşuşar. «Energetik» bolsa «Aşgabadyň» myhmany bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň