Soňky habarlar

Arhiw

Kuzbassdaky şahtada partlama boldy

17:0726.11.2021
0
940

INTERFAX.RU habarlar gullugy Russiýanyň Kemerowo oblastynyň (Kuzbass) Belowo şäheriniň etegindäki Gramoteino obasynyň golaýynda ýerleşýän «Listwýažnaýa» şahtasynda güýçli partlamanyň netijesinde 52 adamyň gurban bolandygyny habar berdi.

Penşenbe güni bolan partlamanyň pidasy bolan şahtýorlaryň arasynda halas edijileriň 6-sy hem bar.

Häzirki wagtda ýerasty şahtada 46 adam galdy, olary haýal etmän halas etmek barada işler geçirilýär.

Halas ediş işleri ýene-de partlamanyň döremek howpy sebäpli şu gün, anna gününiň säherine çenli togtadyldy diýip, habarlar gullugy ýazýar.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bu betbagtçylykly hadysa zerarly gurban bolanlaryň maşgalasyna we ýakynlaryna gynanç bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň