Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda guruljak garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhananyň ýyllyk kuwwaty 170 müň tonna önüme barabar bolar ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär. Zawodyň bahasy 18 million dollar.
Bu taslamany Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň karz serişdelerini çekmek esasynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Garyşyk mineral dökünler: azot, fosfor we kaliý elementlerini öz içine alýan dökünler bolup, oba hojalyk ekinlerini iýmitlendirmekde öwezsiz dökünlerdir. Täze zawodda Germaniýanyň «Mashinenfabric Köppern GmbH & Co.KG» kompaniýasynyň özboluşly köpugurly tehnologiýasy ulanylar. Onuň üýtgeşikligi garyşyk mineral dökünleri öndürmekde gury maýdalama (gysyp maýdalama) usulyny ulanmaga mümkinçilik berýänliginden ybaratdyr. Şunda geljekki mineral dökünleriň ähli elementleri (azot, fosfor, kaliý, kükürt we beýleki mikroelementler) gurulygyna owradylýar, garylýar, soňra bolsa ýokary basyşda preslenýär. Bu tehnologiýany ulanmak digirleri azotyň, fosforyň we kaliniň degişli gatnaşygyny özünde jemleýän çylşyrymly dökünleri öndürmäge we belli bir toprakda anyk ösümlik görnüşi üçin mümkingadar howpsuz hem netijeli bolýan iň oňat garyndyny saýlamaga mümkinçilik berýär.
Täze dökünleriň görnüşleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň önümleri esasynda öndürmek meýilleşdirilýär, çünki bu ykdysady taýdan, şol sanda eksport nukdaýnazaryndan hem has bähbitlidir. Şu pudakda öndürilýän fosfat dökünleri, kaliý hloridi, kükürt, dolomit olar üçin çig mal bolup hyzmat eder. Mundan başga-da, nebit-gaz pudagynda tebigy gaz arassalanýan wagty emele gelýän «gaz kükürdi» hem ulanylyp bilner.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan mineral dökünleri öndürmegiň mukdaryny artdyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Konserniň garamagyndaky kärhanalarda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän azotly, fosforly we kaliý dökünleri ýeterlik möçberde öndürilýär. Önümiň köp bölegi bolsa daşary ýurtlara iberilýär.