Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynda şu ýyl 200 müň tonna şugundyr hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär

13:2026.11.2021
0
733

Mary welaýatynyň hasyl ussatlary 2021-nji ýylda hem welaýatyň zähmetkeşleri 14 müň 900 gektarda gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirdiler.

Zähmetsöýer kärendeçiler şu günler gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamagy gyzgalaňly dowam etdirýärler. Ýygym möwsümine taýýarlyk işleri irgözinden görüldi. Şugundyr hasylyny köwlemekde, ýygnamakda gerekli bolan traktorlar, oba hojalyk gurallary we ýygnalan hasyly meýdanlardan harmanhanalara daşamak üçin ýeterlik awtoulaglar, traktor tirkegleri öňünden taýýar edildi.

Hasyly ýygnamak Baýramaly, Oguz han, Garagum, Murgap, Sakarçäge etraplarynda has-da sazlaşykly we guramaçylykly alnyp barylýar. Hasyl ussatlary döwlete 200 müň tonna gant şugundyryny tabşyrmagy maksat edinýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň