Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň sport jemgyýetçiliginiň wekilleri UNFPA-nyň okuw-maslahatyna gatnaşdy

18:5125.11.2021
1
7829

BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) guramagynda «Hukuklar we deňlik barada söhbetdeşlik» atly okuw-maslahat geçirildi.

Bu maslahata Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi hem-de welaýat geňeşleriniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi hem-de welaýat geňeşleriniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň maksatnamasy boýunça giriş sözi bilen çykyş eden Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni Ý.Aşyrmyradow ýurdumyzdan erkekler bilen birlikde zenan türgenleriň sport bilen meşgullanmagyna döredilýän mümkinçilikleriň ähmiýetine degerli deliller arkaly ünsi çekdi.

Şeýle hem, okuw-maslahata Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby, Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa gatnaşyp, ýurdumyzyň zenanlarynyň sportda gazanan üstünlikleri we ýeten sepgitleri boýunça çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň