Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

15:5324.11.2021
0
12055

2022-nji ýylda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow şu gün geçirilen brifingde bu barada habar berdi.

Türkmen ilçisi şeýle çäräniň üç ýyldan gowrak wagt bäri geçirilmeýändigini aýtdy. Nobatdaky çäräni geçirilmeginiň maksady Gazagystanyň Prezidentiniň ýakynda Türkmenistana bolan döwlet sapary boldy. Rejepowyň pikiriçe, Gazagystanyň we Türkmenistanyň medeniýet we sport ministrlikleri bu ugurda degişli işleri alyp barýarlar.

Ilçi 2022-nji ýylyň Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan ýubileý ýylydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda birnäçe çäreler meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň