Häzirki wagtda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ýaşy boýunça pensiýa, gulluk ýyllary boýunça pensiýa, hünär pensiýasy, toplaýyş pensiýasy Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy tarapyndan raýatlaryň pensiýa bellenilmegi barada ýazmaça arza bilen ýüz tutan gününden, ýöne oňa hukugy ýüze çykandan soň bellenilýär.
2021-nji ýylyň 22-nji noýabrynda resmi çap edilen «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny laýyklykda raýatlar öz erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň (tebigy betbagtçylyk, epidemiýa, pandemiýa we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar) ýüze çykmagy sebäpli ýaşy boýunça pensiýanyň, gulluk ýyllary boýunça pensiýanyň, hünär pensiýasynyň, toplaýyş pensiýasynyň bellenilmegi barada ýazmaça arza bilen oňa hukugy ýüze çykandan soň gijikdirilip ýüz tutan halatynda, olara degişli pensiýa ýüz tutulan wagtyna garamazdan, oňa hukugy ýüze çykan gününden belleniler. Bu kada 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan soň ýüze çykan gatnaşyklara degişlidir.
Habarlaşmak üçin: (+993 12) 98-35-17; (+993 12) 39-48-17; (+993 12) 39-48-72; (+993 12) 39-48-79.
Şeýle hem okaň:
- Türkmenistanda hossarsyz galan çagalaryň pensiýalarynyň möçberleri ýokarlandyrylar;
- Türkmenistanda sekiz we şondan köp çagany dogran aýal maşgalalar has ir ýaşy boýunça pensiýa çykyp biler;
- Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere goşmaça hak töleniler;
- Türkmenistanda täze doglan çagalar üçin berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyrylar.