TÝL ― 2021: «Ahal» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Birinji aýlawyny birinji orunda tamamlady

23:5519.11.2021
0
5504

«Ahal» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň Birinji aýlawynyň ýeňijisi boldy. Topar ýedi duşuşykda toplan 17 utugy bilen ikinji orundaky «Altyn asyrdan» 2 utuk öňe saýlandy.

Üçünji orundaky «Şagadamda» bolsa 14 utuk bar.

Ýaryş tertibiniň dördünji basgançagyny 7 utuk bilen «Köpetdag» eýeleýär. Her haýsy 6 utukly «Nebitçi», «Aşgabat» we «Merw» bäşinji ― ýedinji orunlary paýlaşýar.

Ýaryş tertibiniň iň soňky basgançagynda 4 utukly «Energetik» bar.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň duşuşyklary 26-njy noýabrda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň