Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Özbegistan “Hojeýli - Köneürgenç” we “Şawat - Daşoguz” barlag nokatlarynyň işini dowam etdirýärler

19:4419.11.2021
0
13586

Koronawirus pandemiýasy zerarly çäklendirmeleriň esasynda ýapylan “Hojeýli – Köneürgenç” we “Şawat – Daşoguz” barlag nokatlarynyň işine täzeden başlamak meselesi türkmen-özbek iş toparynyň ulag we kommunikasiýa boýunça 18-nji noýabrda geçiren onlaýn duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Mintrans.uz web sahypasynda bellenilişine görä, barlag nokatlarynyň işi sanitariýa we epidemiologiki çärelerini berk berjaý etmek bilen alnyp barylmalydyr.

Duşuşyk “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradowyň we Özbegistan Respublikasynyň ulag ministriniň orunbasary Abdusamat Muminowyň, şeýle hem awtoulag, demir ýol, awiasiýa ulgamlarynyň we degişli bölümleriň we edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Taraplar ýagdaýy öwrenmek we bu meseläniň oňyn çözülmegini üpjün etmek üçin indiki hepde degişli teklipleri taýýarlamak barada ylalaşdylar.

Çeşmede habar berlişine görä, duşuşykda “Hytaý - Gyrgyzystan - Özbegistan - Türkmenistan - Azerbaýjan - Gruziýa - Türkiýe - Ýewropa” ugry boýunça ýük daşamak üçin amatly şertleri döretmegiň taraplary göz öňünde tutuldy.

Mundan başga-da, duşuşygyň gün tertibinde “Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Oman” halkara ulag üstaşyr geçelgesine gatnaşyjylaryň hemmesi bilen Aşgabat şertnamasynyň üstünde işlemek meselesini maslahatlaşmak nazarda tutuldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň