Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ulag-kommunikasiýa hyzmatdaşlygy giňeldilýär

23:4422.10.2021
0
5521

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde «Ulag we üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek boýunça türkmen-özbek iş toparynyň» türkmen bölegini döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli agentlikler tarapyndan haryt dolanyşygyny artdyrmak hem-de ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda demir ýol ulagy bilen halkara gatnawda 6,1 million tonna ýük daşaldy. Şol sanda demir ýol ulagy bilen Özbegistan Respublikasyna eksport we ýurdumyza import edilen ýükleriň möçberi 885,6 müň tonna deň boldy.

2021-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 7485 sany daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleriniň tirkegleri we ýarym tirkegleri üstaşyr geçirildi. Şol döwürde Özbegistan Respublikasy bilen serhetleşýän gözegçilik-geçiriş ýerleriniň üsti bilen 2914 sany daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleri üstaşyr geçirildi hem-de 2046 daşary ýurt ýük awtoulag serişdeleri Türkmenistana getirildi.

Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Özbegistan Respublikasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi we onuň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi. Resminama laýyklykda, iki goňşy ýurduň arasynda import, eksport we üstaşyr ýükleriň mukdarynyň artdyrylmagyny, ýurtlaryň ulag-logistika mümkinçiliginiň doly ulanylmagyny we onuň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny gazanmak üçin «Ulag we üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek boýunça türkmen-özbek iş toparyny» döretmek barada çözgüt kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideriniň garamagyna Toparyň türkmen bölegini tassyklamak hakyndaky teklip hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köptaraply gatnaşyklaryň täze üstünliklere beslenýändigini nygtady. Milletiň Lideri ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň, şol sanda şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda Daşkende bolan resmi saparyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň, geljegi uly meýilnamalaryň iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga ýardam etmelidigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, gatnaşyklaryň, şol sanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň çäklerinde amala aşyrylýan gatnaşyklaryň hem-de iki döwletiň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklarynyň uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Döwlet Baştutany biziň ýurtlarymyzy birleşdirýän ulag ýollarynyň strategik ähmiýetine aýratyn üns berdi. Türkmenistanyň Prezidenti bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary, şol sanda täze üstaşyr ulag geçelgelerini gurmak baradaky taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap hem-de beýan edilen teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna üstaşyr demir ýol we awtomobil ulaglary arkaly ýük daşalmagyny köpeltmek, geljekde beýleki goňşy döwletler bilen hem üstaşyr ýük daşalyşyny artdyrmak üçin degişli çäreleri görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň