Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Garagum» myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

15:1319.11.2021
0
9585

Şu gün — 19-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda «Garagum» myhmanhanasy we «Erkin» seýilgähi açylyp ulanylmaga berildi.

Täze myhmanhananyň milli bezeg aýratynlyklary bilen häzirki zaman şähergurluşygynyň öňdebaryjy meýilleri sazlaşykly utgaşandygyny bellemek gerek. 6,9 gektar meýdanda ýerleşýän myhmanhana tehniki we zemin gatyny hasaba almazdan, jemi 6 gatdan ybarat. Onda 87 otag 204 myhmana bir wagtda hyzmat etmäge mümkinçilik bar. Myhmanhanada jemi 17 sany standart otag, 8 sany maşgala otagy, 47 sany lýuks otag we 14 sany super lýuks otag ýerleşýär. Otaglaryň her görnüşine mahsus ýerleşdirilen kaşaň mebeller we döwrebap tehnologiýalar gelen myhmanlaryň ýokary derejede dynç almaklaryna mümkinçilik berýär.

Dürli maksatly işewür toparlaryny myhman almaga we dürli görnüşli medeni çäreleriň guralmagyna garaşylýan myhmanhanada 2 sany mejlisler zaly we 500 orunlyk banket zaly ýerleşýär.

Myhmanhananyň içinde 150 orunlyk restoran myhmanlara milli we halkara tagamlary hödürlär. Mundan başga-da bu ýerde spa bölümi, sport-türgenleşik zaly, ýapyk ýüzülýän howuz bolsa myhmanlara otelde dynç alýan wagtlary öz saglyklaryny berkitmek üçin şert döredýär.

«Garagum» myhmanhanasynyň esasy binasynyň daşynda gurlan 500 orunlyk toý zaly, Aşgabat şäheriniň ilaty üçin dürli görnüşli toý dabaralaryny tutmaga niýetlenendir.

Toplumyň binagärlik keşbinde we bezeginde Türkmenistanyň täsin tebigy ajaýyplyklarynyň biri — Garagum sährasynyň hem-de onuň gaýtalanmajak tebigy görnüşleriniň öz beýanyny tapandygy buýsançly ýagdaýdyr.

Binanyň merkezi böleginiň hem-de onuň gapdalyndaky iki binanyň keşbi çäge tolkunlaryny ýatladýar. Binagärlik toplumynyň üstüni ýetiren ak öý bolsa milli ruhdan nyşandyr.

«Garagum» myhmanhanasy bilen birlikde onuň ýanynda açylan «Erkin» seýilgähiniň çäklerinde dürli bag nahallary oturdylypdyr. Şeýle hem bu ýerde welosiped sürmegi halaýanlar üçin ýöriteleşdirilen ýoda çekilipdir. Munuň özi sportuň ekologik görnüşi hasaplanylýan welosiped sportunyň ösdürilmeginde we onuň halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Täze döwrebap seýilgähiň uly ýaşly adamlaryň we çagalaryň dynç almagynyň hem-de gezelenç etmeginiň iň söýgüli ýerine öwrüljekdigi gürrüňsiz hakykatdyr. Munuň özi Türkmenistanda ugurdaş desgalaryň taslamalaryna bildirilýän möhüm talap bolup durýar.

Seýilgähiň taslamasyna laýyklykda, meýilleşdirilen ähli işler, şol sanda suw çüwdürimleri, bagy-bossanlyklar, ýanýodalar we beýlekiler seýilgäh zolagyny döretmegiň iň häzirki zaman ýörelgelerine laýyklykda ýerine ýetirilýär.

Belläp geçsek, «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda 2018-nji ýylda başlandy we 2021-nji ýylda tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň