Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

20 ýaşly dirižýor Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy

10:1619.11.2021
0
13236

«Turkmenportal» web saýtymyzda habar berşimiz ýaly, 16-njy noýabrda Türkmenistanyň öňdebaryjy ýaşlarynyň 62-sine Ýaşlar baýragy gowşuryldy. Bu hormatly baýraga mynasyp bolan ýaşlaryň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň orkestr dirižýory hünäriniň 4-nji ýyl talyby Döwletmämmet Ökdirow hem bar.

2021-nji ýyl Döwletmämmet Ökdirow üçin üstünlikli ýyllaryň biri bolandygyny bellemek gerek. Çünki bu ýyl oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijisi bolmak, şeýle-de Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu bolsa 20 ýaşly zehinli talyp ýigidiň öz ukyp-başarnygyny ykrar etdirmegi başarýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýaş dirižýor Döwletmämmet Ökdirow 2001-nji ýylda dünýä inýär. Ol 2007-nji ýylda Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň 1-nji synpa okuwa barýar. Çagalygyndan aýdym-saza höwesli ýigit heniz 6 ýaşynda wagty Türkmenistanyň halk artisti Roza Töräýewadan aýdym aýtmagy öwrenýär. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän aýdym-saz bäsleşiklere gatnaşyp başlaýar. Soňra ol okuwyny Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde dowam etdirýär. 4-nji synpdan başlap Döwletmämmet Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýolaman Saryýewden üflenip çalynýan saz guraly bolan goboýda saz çalmagyň inçe syrlaryny öwrenip başlaýar.

Soňra ol 11-nji synpda okaýan ýyllary halypasy Ýolaman Saryýewiň maslahatyna eýerip, 2018-nji ýylda zehinli, sungata höwesli synpdaşlary bilen toparlanşyp, «Ylham» kamera orkestrini döredýär. Ol okuwçy wagtlary orta mekdeplerde geçirilýän konsertlerde çykyş edýär.

Orta mekdebi üstünlikli tamamlan Döwletmämmetde dirižýor bolmaga höwes döreýär. Şol höwes ony Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň orkestr dirižýory hünärine okuwa girýär. Bu ýerde hem hünär mugallymy Nury Muhyýewden, Türkmenistanyň halk artistleri Aşyr Hojatow hem-de Gurban Babaýewden dirižýorlyk hünäriniň inçe tilsimlerini öwrenýär. Ol ýokary okuw mekdebinde simfoniki orkestre-de dirižýorlyk etmegi öwrenýär.

Döwletmämmet geçen 2020-nji ýylda Türkmenistanda 27-nji iýunda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli sahnalaşdyrylan «Nejep oglan» operasynda ilkinji gezek bilim alýan ýokary okuw mekdebiniň kamera orkestri bilen çykyş edip, şol opera, şeýle-de şu ýyl, ýagny 2021-nji ýylda hem sahnalaşdyrylan «Gül-Bilbil» operasyna hem dirižýorlyk etmek bilen köp tejribe toplady.

Ýaş dirižýor ýigit okuwyndan sportuň küşt bilen tennis görnüşi bilen hem gyzyklanýar.

Döwletmämmediň öňünde belent maksatlar bar. Ol özüniň dirižýorlyk edýän kamera orkestri bilen milli hem-de daşary ýurtly kompozitorlaryň şirin sazlaryny ýerine ýetirip, köpçülige ýetirmegi maksat edinýär. Biz hem Döwletmämmede okuwda, sungat äleminde üstünlikleriň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Belläp geçsek, Döwletmämmet sungat maşgalasyndan. Türkmenistanyň halk artisti Döwletgeldi Ökdirow onuň atasynyň dogany. Atasy Alyhan Ökdirow hem mukamçy kompozitor. Onuň doganlary hem dutarda saz çalýarlar. Aýal dogany Leýli Ökdirowa hem halkyň söýgüsini gazanmagy başaran aýdymçylaryň biridir. Leýli Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň, şeýle-de 2020-nji ýylda bolsa zehinli aýdymçylaryň arasynda geçirilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň hem ýeňijisi.

Leýli Ökdirowa şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medal bilen hem sylaglandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň