Türkmenistanda ýaş hukukçylar üçin okuwlar guraldy

20:0017.11.2021
0
10239

Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Bilim ministrligi we Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guralan Halkara maýa goýumy arbitražy boýunça ýurdumyzda ýörite okuwlar başlandy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär.

Bu okuwlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýaş hukuk mugallymlary, şeýle hem hukukşynaslyk ugrundan okaýan IV–V ýyl talyplary üçin geçirilýär.

Magtymguly adyndaky TDU-da geçirilýän bu ýöriteleşdirilen okuw kursunyň mugallymlary hökmünde Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hünärmenleri, Maýa goýumlaryna dahylly jedelleri çözmek boýunça halkara merkeziň Türkmenistan tarapyndan bellenen eminleri, halkara hukukçylar, ýerli hukuk şereketleriniň wekilleri, şu ugur boýunça professorlar we ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary çykyş edýärler. Sapaklar türkmen we iňlis dillerinde alnyp barylýar.

Okuwa gatnaşýanlaryň ünsi halkara arbitražyň taglymatyny, halkara we milli hukuk esaslaryny çuňňur öwrenmäge gönükdirilendir. Leksiýalaryň temasy halkara arbitraž jedellerinde toplanan tejribeden ugur alýar, ol, şeýle hem halkara maýa goýumy arbitražynyň kanuny we nazary esaslaryna bagyşlanýar. Okuwlar hukuk bilimlerini, eminlik çözgüt tapgyrlaryny, araçy kazyýeti döretmegiň kadalaryny, kazyýet işlerini maliýeleşdirmegiň we subutnamalary ýygnamagyň, kazyýet diňlenişigini guramagyň ýörelgelerini öz içine alýar.

Okuwyň esasy maksatlarynyň arasynda ýaş hukukçylaryň bilimlerini artdyrmak, olary hünärlerinde kämilleşdirmek we milli hukuk binýadyny berkitmek ýaly meseleler bar. Täze başlanlar we geljekki hukukçylar üçin okuwlar indiki ýylyň maý aýyna çenli dowam eder.

Ýaş hukukçylar üçin halkara maýa goýumy arbitražy boýunça ýörite okuwyň geçiriljekdigi baradaky maglumat şu ýylyň 15-nji oktýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde yglan edildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ähli ugurlarda, hususan-da, hukukşynaslykda ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň aýratyn ähmiýetini, şeýle hem bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň örän wajypdygyny nygtady. Döwlet baştutany ýaş hukukçylaryň ýokary derejedäki taýýarlygynyň, halkara hukugyny çuňňur bilmeginiň daşary ýurt maýadarlary bilen ýüze çykýan jedelleriň döwletiň peýdasyna çözülmegine köp goşant goşjakdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň